Aşgabat gipermarketinde kofe enjamyny we kofe saýlamaga ýardam edýärler

Aşgabat gipermarketinde kofe enjamyny we kofe saýlamaga ýardam edýärler

Gowy kofe enjamyny satyn almak isleýärsiňizmi? Belki-de, edil häzir ähli tagam talaplaryna laýyk edilip taýýarlanylan, ysy burk urup duran bir bulgur kofäniň lezzetini duýmak göwnejaý bolar? Müşderiler şeýle datly kofäni taýýarlamak üçin gerek bolan zatlaryň hemmesini Aşgabat gipermarketinden tapyp bilerler.

Bu enjamlaryň modelleriniň köpdürli görnüşi — öýde ulanmaga laýyk boljak ykjam görnüşinden başlap, kafe we restoran üçin niýetlenen ýörite enjamlara çenli dürli brendler islegleriňize laýyk gelýän kofe maşynyny saýlamaga mümkinçilik berer.

Bu ýerde däneler üçin 27 görnüşli kofe maşynlary we kapsulaly kofe üçin hem 12 görnüş hödürlenýär: Nespresso, Saeco, Gastroback, Krups, Sage, Delonghi hem-de beýleki belli öndürijileriň enjamlary gipermarketiň assortimentinde durýar.

Kofe noýbasynyň we kapsulalaryň baý haryt görnüşi, ýakymly, hoşboý ysly kofeler islendik islegli — nusgawy espressodan we Amerikanodan başlap, ajaýyp lattelere hem-de kapuksinolara çenli hiç bir adamy biperwaý goýmasa gerek.

Aşgabat gipermarketine gelýänler öýleri we maşgalasy üçin zerur bolan dürli zatlary tapyp bilerler. Giň söwda zallarynda öňdebaryjy dünýä hem-de türkmen öndürijileriniň müňlerçe önümleri bar: täze azyk harytlary, süýjülikler, öý üçin harytlar, hojalyk enjamlary, mebeller, egin-eşik, aýakgap we başgalar.

Gipermarketiň çäginde çagalar meýdançasynyň bardygyny ýatladýarys. Ýagny çagalar oýnap dynç alýan mahalynda, ene-atalar özbaşdak erkin söwda edip bilerler.

Mundan başga-da, Aşgabatdan zerur zatlaryň hemmesini öýüňizden çykmazdan sargyt edip bilersiňiz. Mobil goşundysyny ulanmak arkaly diňe bir dürli harytlary satyn almak bilen çäklenmän, Aşgabat restoranyndan taýýar tagamlary hem öýüňize sargyt etmek mümkinçiliginden peýdalanmak bolýar. Mobil goşundysy Google Play we AppStore internet dükanlarynda göçürip almak üçin elýeterlidir.

Gipermarket Aşgabat söwda-dynç alyş merkeziniň B blogunyň 0-njy gatynda ýerleşip, her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli işleýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Sowukdan çaýrylan ellere tebigy bejergi usullary
Hytaýda Türk Kofesi Tanyşdyryldy
“Gark bolýan” döwletiň ministri suwda durup, kömek sorady
Saglygym baýlygym
Stambul Kofe festiwaly 7-nji oktýabrda başlar