Hytaýly alymlar kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny oýlap tapdylar

Hytaýly alymlar kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny oýlap tapdylar

HHR-nyň Suçžou uniwersitetinde kagyz ýaly ýuka bolan çeýe fotoelektrik panel oýlanyp tapyldy. Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň habar bermegine görä, ol kristally kremniniň we perowskitiň iň ýuka gatlaklaryndan ybaratdyr.

Barlag geçirijileriň ýolbaşçysy, professor Çžan Sýaohunyň aýtmagyna görä, fotoelektrik elementi adaty materiallary özünde jemleýär, muňa garamazdan, onuň her bir gatlagy Gün şöhlesiniň belli bir tolkun uzynlyklaryny tutýar. Şonuň saýasynda täze batareýa Gün energiýasynyň has giň diapazonyny özüne siňdirýär we ony has netijeli usulda elektrik energiýasyna öwürýär.

Bu elementiň kosmos apparatlarynda, şeýle hem maglumatlary gaýtadan işleýän merkezlerde uzak wagtlap ulanmak üçin niýetlenendigi habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň birinji güni tamamlandy
Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi bilen duşuşdy
Eýran Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýändigi hakyndaky Ähtnama gol çekdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞHG-NYŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞMAK ÜÇIN SAMARKANDA BARDY
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY