Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew atşynas Lýu Şuçinýunyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna kabul edilendigi baradaky şahadatnamasyny gowşurdy.
Ilçi bu şahadatnamany Hytaýyň atçylyk assosasiýasynyň baş sekretary Ýue Gao Fene berip, ony atşyna gowşuryp bermegini haýyş etdi. Mälim bolşy ýaly, atşynas assosasiýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan bu guramanyň düzümine kabul edilipdi.
Şeýle hem taraplar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralary Hytaýda hem geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu dabaralar 2024-nji ýylda bolar.
Ýue Gao Fen Magtymgulynyň hem-de Konfusiniň atlary bilen baglanyşykly Türkmenistana we Hytaýa wekilçilik edýän iki filosofik akymlaryň garaýyşlarynyň birdigi baradaky maslahatyň taslamasynyň üstünde işlemegi teklip etdi ― diýip, ORIENT ýazýar.