Hytaýlylar ulagy dolandyrmak üçin niýetlenen sagat çykararlar

Hytaýlylar ulagy dolandyrmak üçin niýetlenen sagat çykararlar

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi ýaňy-ýakynda çep tarapky yza bakýan aýnada smartfonlara we akylly sagatlara awtoulagy gulpdan açmaga mümkinçilik berýän NFC modulyny gurnap başlady. Häzirlikçe bu funksiýany diňe “Oppo Watch 2” sagady BYD ulaglarynda ulanyp biler. Bu barada Gizmochina salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Ýöne bu ýagdaý ýakyn wagtda üýtgäp biler.Awtoulag ägirdi hem tizara öz akylly sagadyny çykarar.Bu sagatlar "Akylly otlama", "akylly gulplama", penjireleri galdyrmak we düşürmek, şeýle hem yzky gapyny açmak ýaly funksiýalara eýe bolar.

Sagatlar açaryň deregin tutup biler we üstesine has-da amatly bolar.Sagatda BYD nyşanly we rezin gaýyşly tegelek çydamly siferblat bolar.Akylly sagat hökmünde onuň ädimleri sanamak, ýürek urşuna gözegçilik, uka gözegçiligi we ş.m.

funksiýalar bilen hem üpjün edilmegi mümkin.Täze önümleriň satuwynyň dekabr aýynda başlanmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Elektroulagyň täze nusgasy
Elektrik energiýaly iň uzyn awtobus
Halkara awtoulag sergisi
5G ulgamly ilkinji awtoulag
“Tesla” bazardaky öňdeligini saklaýar
Azerbaýjan elektrik awtoulaglaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär