Hytaýyň daşary söwda möçberi ýanwar-fewral aýlarynda 15,9% ýokarlandy

Hytaýyň daşary söwda möçberi ýanwar-fewral aýlarynda 15,9% ýokarlandy

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hytaýyň daşarky söwda dolanyşygy ýyllyk hasabynda 15,9% ýokarlanyp, 973,45 mlrd dollara ýetdi. Bu barada HHR-iň Baş gümrük edarasy habar berdi diýip, fomag.ru belleýär.

Edaranyň saýtynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, iki aýyň içinde ýurduň eksporty 16,3% ýokarlanyp, 544,7 mlrd dollara ýetdi. Import 15,5% ýokarlanyp, 428,75 mlrd dollara ýetdi. Ýanwar-fewral aýlarynda Hytaýyň oňyn saldosy, takmynan, 12,2% ýokarlanyp, 115,95 mlrd dollardan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Hytaý suwuklandyrylan gazyň importy boýunça ilkinji orna çykdy
Türkiýäniň Ilkinji Sink Önümçilik Desgasy Siirtde Açyldy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşygyndaky çykyşy
Ýaponiýa Russiýadan 38 Harydyň Importuny Gadagan Etdi
Täjigistan GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygyny artdyrdy
Importy çalyşmagyň şowsuzlygy, iki sany wise-premýer wezipesinden boşadyldy, Söwda ministrligine azyk importy üçin 150 milýon dollar berilýär