Hytaýyň ýaşaýjylary gök suw barsynyň Täze ýylyny garşy aldylar

Hytaýyň ýaşaýjylary gök suw barsynyň Täze ýylyny garşy aldylar

Hytaýyň ýaşaýjylary duşenbe gününden sişenbe gününe geçilýän gijede gök suw barsynyň howandarlygynda geçjek Aý senenamasy boýunça Täze ýylyň başlanmagyny baýram edip bellediler. Koronawirusyň ýaýrama töwekgelçiligini azaltmak maksady bilen HHR-iň häkimiýetleri raýatlara bassyr üçünji ýyl ýurtda gezelenç etmekden we köpçülikleýin gezelençlerden saklanmagy maslahat berdiler. Bu barada TASS habar berýär.

Hytaýlylaryň köpüsi Täze ýyly ýa-da özleriniň atlandyryşy ýaly Çunszeni (Bahar baýramy) öýde maşgalalary bilen bellemegi makul bildiler. Baýramçylygyň öňüsyrasynda esasy güýmenjeleriň biri Merkezi telewideniýe boýunça ýaýlyma berlen “Çunwan” baýramçylyk gala-konserti boldy.

Şu ýylyň howandary güýjüň we gaýduwsyzlygyň nyşany. Hytaýyň HBS-niň ýazmagyna görä, ol öküz we geçi ýylynda doglanlar üçin haýyrly bolar 2022-nji ýylda şowlulyk olaryň tarapynda bolar. Aždarha, towşan, at we horaz ýylynda doglanlara maliýe işlerinde üstünlik garaşýar. Galan ýyllarda doglanlar bolsa maksatlaryna ýetmek üçin birneme zähmet çekmeli bolarlar.

Bu ýyl Hytaýda baýramçylyk günleri 31-nji ýanwardan 6-njy fewrala çenli dowam eder. Däp boýunça, Aý senenamasy boýunça Täze ýylyň ilkinji gününden ýurtda ybadathana dabaralary dürli ýadygärlik sowgatlaryny, agaç, mata, plastmassa oýunjaklaryny, çagalar üçin örtükleri satyn alyp boljak ýarmarkalar geçiriler. Şeýle-de bolsa, pandemiýa sebäpli bassyr üçünji ýyl köpçülikleýin çäreler ýatyryldy.

Ýene degişli makalalar

Aždarhanyň öýi atly köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy
HBO Tagtlaryň oýnunyň dowamyny surata düşürýär
Aždarhanyň öýüniň birinji bölümine 10 million adam tomaşa etdi
Jorj Martin “Aždarhanyň öýüne” dört möwsümiň gerekdigini aýtdy
HBO teleýaýlymy Tagtlaryň oýnunyň prikwelini surata düşürmekçi
Türkmenistanda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizmek boýunça ses bermek üçin uçastoklar açylar, hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp başlady we beýleki habarlar