HYYÖU-nyň rektory Esen Aýdogdyýew Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

HYYÖU-nyň rektory Esen Aýdogdyýew Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

2033-nji ýylyň 17-nji fewralynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Bu barada HYYÖU-nyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýewiň Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary bilen wagyz-nesihat duşuşygy Türkmenistanda 2023-nji ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy hem-de şol gün Ýaponiýanyň Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň binasynda Dialog — parahatçylygyň kepili — halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy mowzugy boýunça tegelek stoluň başyndaky maslahatyň çäklerinde geçirildi.

Dialog — parahatçylygyň kepili — halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy mowzugy boýunça geçirilen maslahata Türkmenistandan Esen Aýdogdyýew, Ýaponiýadan bolsa Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti Kaýoko Haýaşi, bu uniwersitetiň baş sekretary Keýsuke Otani we professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen Dialog — parahatçylygyň kepili atly ählumumy filosofiýanyň dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan oňyn garaýyşlaryny ösdürmekde halkara gatnaşyklaryň täze ýörelgesi hökmünde ykrar edilendigi barada bellediler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy netijesinde durnukly ösüşi we howpsuzlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi.

Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşy hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Ähtnamanyň esasy maksady talyp alyş-çalşygyny amala aşyrmak we işjeň ylmy gözleglerini geçirmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde şu ýyl 48 sany magistrant uçurym bolar
Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda türkmenistanly talyplar altyn medal gazandylar
05.05.2017 • HYYweÖU-niň topary F.F. Martens adyndaky bäsleşige gatnaşanlygy üçin ýörüte diploma mynasyp boldy ...
HYYweÖU-niň we HGI-niň talyplary ýaşlary alyşmak MIRAI-2017 ýapon maksatnamasyna gatnaşdylar