Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde şu ýyl 48 sany magistrant uçurym bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde şu ýyl 48 sany magistrant uçurym bolar

Şu ýyl Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde taýýarlygyň 2 ugry boýunça bilim alan 48 sany magistrantyň uçurym bolmagyna garaşylýar. Bu barada ýokary okuw mekdebi Turkmenportala habar berdi.

Şeýle-de şu ýyl 16 hünär boýunça bakalawr bilim maksatnamasy esasynda bilim alan 425 sany talybyň hem bu ýokary okuw mekdebini tamamlanmagyna garaşylýar. Talyplara halkara bilim standartlaryna laýyklykda iňlis dilinde sapaklar geçildi we HYY we ÖU olaryň gerekli hünärmenler bolup ýetişendigine ynam bildirýär.

Ýeri gelende bellesek, 17-nji aprelde bu ýokary okuw mekdebinde özüniň şu ýylky uçurymlaryna iş tapmaga we iş berijilere geljegi uly işgärleri tapmakda ýardam etjek iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Çäre sagat 14:00-da başlanar. Oňa iş berijiler hökmünde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we hususy kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

HYY we ÖU-da döredijilik bäsleşikleri yglan edildi
HYY we ÖU-da matematika boýunça Açyk halkara olimpiada başlady
Türkmenistanly talyplaryň arasynda filosofiýa boýunça geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda türkmenistanly talyplar altyn medal gazandylar
28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal