HYY we ÖU-da döredijilik bäsleşikleri yglan edildi

HYY we ÖU-da döredijilik bäsleşikleri yglan edildi

Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybelti Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda döredijilik bäsleşikleriniň ikisi yglan edildi.

Olaryň biri düzme, ikinjisi bolsa surat bäsleşigidir. Düzmäniň möçberi 700 sözden geçmeli däl we ol iňlis dilinde ýazylan bolmalydyr.

Surat bäsleşigi üçin eserler 25-nji aprelde kabul edilip başlandy. Görkezilen elektron salgyda olar 5-nji maýa çenli kabul ediler. Elbetde, suratlarda paýtagtymyzyň köptaraply durmuşyny, ruhuny we gözelligini görkezmelidir.

25-nji maýda belleniljek baýramyň öňüsyrasynda bäsleşikleriň ýeňijileri yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde şu ýyl 48 sany magistrant uçurym bolar
HYY we ÖU-da matematika boýunça Açyk halkara olimpiada başlady
Türkmenistanly talyplaryň arasynda filosofiýa boýunça geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda türkmenistanly talyplar altyn medal gazandylar
05.05.2017 • HYYweÖU-niň topary F.F. Martens adyndaky bäsleşige gatnaşanlygy üçin ýörüte diploma mynasyp boldy ...