HYY we ÖU-da matematika boýunça Açyk halkara olimpiada başlady

HYY we ÖU-da matematika boýunça Açyk halkara olimpiada başlady

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matemartika dersi boýunça ikinji Açyk halkara olimpiada (OMOUS-2022) geçirilip başlandy. HYY we ÖU halkara bäsleşigiň türkmen we iňlis dillerinde wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn geçirilýändigini habar berýär.

Matematika boýunça geçirilýän bäsleşik edil garaşylyşy ýaly, iň ökdeleri saýlap-seçmek üçin zehinli dalaşgärleri özünde jemledi. Oňa gatnaşýan 42 ýurtdan bolan toparlar boýunça 700-den gowrak talyp güýjüni synaýar.

Bäsleşigiň maksatnamasynda ýekeleýin we toparlaýyn çykyşlar göz öňüne tutulyp, olarda has tapawutlanan talyplar 30-njy aprelde jemlenjek netijeler boýunça mälim ediler.

Belläp geçsek, HYY we ÖU-da talyplaryň arasynda geçirilýän bu bäsleşik eýýäm birinji gezek däldir. Mysal üçin, geçen ýylda guralan şu hili OMOUS-2021 bäsleşiginiň çäklerinde dünýäniň 17 ýurdunyň 84 ýokary okuw mekdebinden 600 töweregi talyp gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

HYY we ÖU-da döredijilik bäsleşikleri yglan edildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde şu ýyl 48 sany magistrant uçurym bolar
Türkmenistanly talyplaryň arasynda filosofiýa boýunça geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar halkara matematika olimpidasyna çagyrylýar