I.Kuzmin Türkmenistanda tohumçylyk pudagynda genetika bankyny döretmegi teklip etdi

I.Kuzmin Türkmenistanda tohumçylyk pudagynda genetika bankyny döretmegi teklip etdi

GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Semena assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmin Türkmenistanda tohumçylyk pudagynda genetika bankyny döretmegi teklip etdi. Ol muny Aşgabatdaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetine (TOHU) baryp görenden soň GDA-nyň Sesi onlaýn radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

I.Kuzminiň oba hojalygy pudagynda dünýä belli şahsyýet, Oba hojalygy ylymlarynyň doktory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi (RAS), bütin ömrüni tohumçylygy ösdürmäge we dürli ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga bagyş eden adamdygyny bellemek gerek. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Bitaraplyk ordeni ýaly 35 sany abraýly döwlet baýraklarynyň eýesidir.

Şeýle hem ol 2007-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylaryna galla önümçiligini iş ýüzünde ýokarlandyrmak meýilnamasyny teklip edendigini aýtdy. Onuň geçiren seljermesine laýyklykda, şol döwürde ýurt ekiş materialy hökmünde tohum ösdürip ýetişdirmekde yza galýardy.

Onuň aýtmagyna görä, meýilnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi 2008-nji ýylda başlandy. Gymmatly häsiýetlere — başlangyç etap we soňraky seçgi üçin örän möhüm bolan kesele garşy, ýylylyga garşy durnuklylyga we howa şertlerine uýgunlaşyjylyga eýe bolan 1000 tonna saýlama tohum görnüşi ýurda getirildi. Olar 5000 gektardan gowrak meýdana ekildi we her gektardan 80 sentre çenli hasyl alyndy.

Öndürijilikli hyzmatdaşlyk ösdi ýylsaýyn ösdi we eýýäm 2022-nji ýylda 20 müň tonna saýlama ekiş tohumy iberildi.

I.Kuzmin şu ýyl Türkmenistanda gowy bugdaý hasylynyň alnandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Iwan Kuzmin Magtymgulynyň şygryýet dünýäsine bolan söýgüsi barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň “Bugdaýly tejribe-tohumçylyk” daýhan birleşigine baryp gördi
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow Semena assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi