Serdar Berdimuhamedow Semena assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Semena assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Semena assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany myhmany mübärekläp, onuň Türkmenistana şu gezekki saparynyň GDA-nyň giňişliginde oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, tohumçylyk ýaly möhüm ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Iwan Kuzmin wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady.

Duşuşygyň barşynda bar bolan kuwwaty we milli obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyñ obasenagat pudagynda giň halkara hyzmatdaşlyga we tejribe alyşmaga açykdygy nygtaldy. Ýurduñ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň işine işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Şeýle hem hünär derejesini ýokarlandyrmak we ugurdaş işgärleri taýýarlamak boýunça yzygiderli esasda okuwlary guramak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda anyk tekliplerine garamaga Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy.

Netijeli söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, Iwan Kuzmin Türkmenistanda öndürilýän gallany hem-de onuň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda tohumçylyk, dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek ulgamynda geljekki bilelikdäki işiň maksatnamasy kesgitlenildi. Şeýle hem gysga döwrüň içinde azyk howpsuzlygy meselesini üstünlikli çözen Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyk we bu ulgamda birek-biregi goldamak ýörelgelerine berk ygrarlydygyny görkezýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň “Bugdaýly tejribe-tohumçylyk” daýhan birleşigine baryp gördi
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Iwan Kuzmin Magtymgulynyň şygryýet dünýäsine bolan söýgüsi barada gürrüň berdi
I.Kuzmin Türkmenistanda tohumçylyk pudagynda genetika bankyny döretmegi teklip etdi