Ibrahim Kalyn Yrakda Saparda Boldy

Ibrahim Kalyn Yrakda Saparda Boldy

Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Yragyň Prezidenti Abdullatif Reşid we Premýer-ministri Muhammed Şiýa as Sudani bilen duşuşdy.

Milli Howpsuzlyk gullugyndan berlen beýannama görä, Kalyn, Yraga guran saparynyň çäginde Prezident Abdullatif Reşid, Premýer-ministr Muhammed Şiýa as Sudani we şaýy we sünni toparlar bilen birlikde türkmen wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşykda, terror guramasy PKK-a we DEAŞ-a garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara howpsuzlyk we ykdysady hyzmatdaşlyk bilen birlikde Galkynyş ýoly taslamasy bilen Gaza söweşi, söweşiň Yraga we sebit ýurtlaryna ýetirýän ýaramaz täsiri meselesi hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Soňky bir hepde-de 47 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär