Ibrahimowiç Asteriks we Obeliks hakda täze filmde surata düşer

Ibrahimowiç Asteriks we Obeliks hakda täze filmde surata düşer

"Milanyň" ýyldyz hüjümçisi Zlatan Ibrahimowiç filmde surata düşer. Futbolçy pereňli söweşijiler Asteriksiň we Obeliksiň başdan geçirmeleri barada täze filmiň surata düşürilişine gatnaşar diýip, russian.rt.com habar berýär.

Aýdylmagyna görä, täze film “Asteriks we Obeliks: Beýik Ýüpek ýoly” diýlip atlandyrylar. Şwesiýaly futbolçy Antivirus atly bir gahrymanyň keşbini janlandyrar. Şeýle hem filmde Žil Lelluş, Giýom Kane, Wensan Kassel, Marion Kotiýar we Pýer Rişar ýaly meşhur aktýorlar çykyş eder. Filmiň 2022-nji ýylda görkezilmegine garaşylýar.

Franşizanyň öňki filmlerinde eýýäm fransuz futbolçysy we Madridiň "Realynyň" häzirki tälimçisi Zinedin Zidan, basketbolçy Toni Parker, Formula 1-iň 7 gezek çempiony Maýkl Şumaher we tennisçi Ameli Moresmo ýaly meşhur sportçular kiçeňräk rollarda çykyş edipdiler.

Ýene degişli makalalar

Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ronaldu Ýewropanyň iň gowy 5 ligasynyň iň gowy golçusy boldy
Tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty başlandy, Aşgabat seýilgähinde Puşkiniň doglan güni bellenildi, türkmen lukmanlary Owganystandaky ynsanperwer missiýanyň çäklerinde 700-den gowrak adama kömek berdiler we beýleki habarlar
Ronaldu 36 ýaşady! Oňa öňde ýene nähili rekordlar garaşýar?
Ibrahimowiç klublaýyn karýerasynda 500-nji goluny geçirdi
IFFHS: Messi - onýyllygyň iň gowy futbolçysy