IFFHS: Messi - onýyllygyň iň gowy futbolçysy

IFFHS: Messi - onýyllygyň iň gowy futbolçysy

Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) dünýäniň soňky onýyllykdaky iň gowy futbolçylarynyň reýtingini düzdi.Bu barada matchtv.ru habar berdi.Sanawda birinji orna "Barselonanyň" we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi mynasyp boldy.

Ikinji ýeri “Ýuwentusyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeledi.Ilkinji üçlügi "Barselonanyň" öňki oýunçysy Andres Iniesta ýapdy.Häzirki wagtda ýarymgoragçy Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” toparynda çykyş edýär.

IFFHS-e görä dünýä boýunça onýyllygyň iň gowy 10 futbolçysy: 1.Lionel Messi ("Barselona", ​​Argentina) 2.Kriştianu Ronaldu ("Ýuwentus", Portugaliýa) 3.Andres Iniesta ("Wissel Kobe", Ispaniýa) 4.

Neýmar ("PSŽ", Braziliýa) 5.Serhio Ramos (Madridiň "Realy", Ispaniýa) 6.Manuel Noýer ("Bawariýa", Germaniýa) 7.Robert Lewandowski ("Bawariýa", Polşa) 8.Janluiji Buffon ("Ýuwentus", Italiýa) 9.

Zlatan Ibrahimowiç ("Milan", Şwesiýa) 10.Luka Modriç (Madridiň "Realy", Horwatiýa)

Ýene degişli makalalar

Kristiano Ronaldo “Golden Foot” baýragyna mynasyp boldy
Ronaldu 2020-nji ýylyň “Altyn aýak” baýragyny aldy
Ronaldu - 2020-nji ýylyň "Altyn aýagy"
“Milanyň” ýaş transferleri
Sportuň taryhynda şu gün 3-nji oktyabr
“Ol dünýäniň iň gowy urşujysy”