Kristiano Ronaldo “Golden Foot” baýragyna mynasyp boldy

Kristiano Ronaldo “Golden Foot” baýragyna mynasyp boldy

“Ýuwentus” toparynyň portugaliýaly super ýyldyzy Kristiano Ronaldo “Golden Foot” baýragyna laýyk görüldi.Monako şalygy tarapyndan 28 ýaşdan uly bolan futbolçylara berilýän baýragyň ýeňijisi janköýerleriň ses bermegi esasynda saýlanýar. 35 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy bu abraýly baýrak ugrunda Lionel Messi, Robert Lewandowski, Serhio Ramos, Arturo Widal, Žerar Pike, Mohamed Salah, Neýmar, Serhio Aguero, Jorjo Kiellini dagydan öňe saýlandy. Şeýle-de “Ýuwentus” toparynyň prezidenti Andrea Anýelli “Golden Foot Prestige” baýragyna laýyk görüldi.

“Golden Foot” baýragy 2003-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. Oňa şol ýyldan bäri degişlilikde, Robert Bajjo, Pawel Nedwed, Andreý Şewçenko, Ronaldo, Alessandro Del Piero, Roberto Karlos, Ronaldinio, Françesko Totti, Raýan Giggs, Zlatan Ibrahimowiç, Didie Drogba, Andres Iniesta, Samuel Eto’o, Janluiji Buffon, Iker Kasilýas, Edinson Kawani, Luka Modriç dagy mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Ronaldu - 2020-nji ýylyň "Altyn aýagy"
Ronaldu 2020-nji ýylyň “Altyn aýak” baýragyny aldy
UEFA Çempionlar ligasy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Iň köp hak töleýän klublar