UEFA Çempionlar ligasy

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň galan 4 duşuşygynyň-da birinji oýunlary tamamlandy. Geçirilen 4 duşuşyk hem çekeleşikli bolup, 2-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy. 1 oýun deňlikde tamamlanyp, 1 duşuşykda-da ýer eýeleri ýeňşini baýram etdi.

“Bawariýa” Londony halaýar2012-nji ýylda finalda duşuşan “Çelsi” bilen “Bawariýa” bu gezek Londonda güýç synanyşdy.Oýnuň 1-nji ýarymy deňeçerräk ýagdaýda geçip, hasap açylmady. Ýöne 2-nji ýarymda düýbünden başgaça oýun görkezen “Bawariýa” güýçli garşydaşyny 30 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Nemes toparyna ýeňiş getiren gollaryň 2-sini 51-nji we 54-nji minutlarda Serje Gnabri, beýlekisini bolsa, 76-njy minutda Robert Lewandowski derwezä girizdi.Duşuşygyň 84-nji minutynda “Çelsiniň” ispaniýaly oýunçysy Markos Alonso gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Şeýlelikde, bu hasap “Çelsiniň” Çempionlar ligasynyň çäginde öz meýdançasyndaky iň uly hasaply ýeňlişi boldy. 13 duşuşykdan bäri şu ýaryşda myhmançylykda ýeňilmän gelýän “Bawariýa” Londondan ýene bir ýola uly hasaply ýeňiş bilen dolandy. “Bawariýa” topary 2017-nji ýylda “Arsenaly” 51, 2019-njy ýylda “Tottenhamy” 72 hasaplar bilen ýeňipdi.

Bu ýeňişden soň, “Bawariýa” topary çärýek finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy.Taryhda ilkinji gezek resmi duşuşyk geçiren “Napoli” bilen “Barselonanyň” arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 30-njy minutda owadan gol bilen öňe saýlanan “Napoli” toparyna 57-nji minutda “Barselona” topary Antuan Grizmannyň goly bilen jogap berdi.

Oýnuň ahyrlarynda, has takygy, 89-njy minutda yzly-yzyna 2 sary kart alan Arturo Widal meýdançadan çykaryldy. Şunlukda, 18-nji martdaky jogap oýnunda Serhio Buskets hem-de Arturo Widal jerimesi sebäpli oýnap bilmez.

“Real Madrid” öz meýdançasynda, “Ýuwentus” myhmançylykda utuldyKubogy iň köp eýelän “Real Madrid” öz meýdançasynda “Mançester Sitini” kabul etdi.Bije çekilen gününden bäri köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan oýnunda “Real Madrid” 60-njy minutda Iskonyň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne olara bu üstünligini saklamak başartmady. 78-nji minutda Gabriel Žesus hasaby deňledi. Şol goldan 5 minut soň, emin Daniele Orsatonyň bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Kewin De Bruýne toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.

Duşuşygyň 85-nji minutynda Serhio Ramos gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.Bu onuň karýerasyndaky 26-njy gyzyl kart hökmünde hasaba alyndy.Ol bu ugurda Zlatan Ibrahimowiç hem-de Edgar Dawids bilen deňleşip (4 gyzyl kart), Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň köp gyzyl kart alan 3 futbolçyň biri boldy. Ýeri gelende aýtsak, “Real Madridiň” öz meýdançasynda utulmagy olaryň çärýek finala çykmak mümkinçiligini has-da azaltdy. Çempionlar ligasynyň taryhynda diňe 5 topar öz meýdançasyndaky 1-nji oýunda utulybam, jogap oýnunda ýeňiş gazanyp, nobatdaky tapgyra çykmagy başardy. Şolaryň 3-si geçen möwsümde hasaba alnypdy.Çempionlygyň dalaşgärlerinden “Ýuwentus” myhmançylykda “Lion” bilen duşuşyp, 2-nji tapgyra şowsuz başlady.

Turinliler bu duşuşykda 10 hasabynda asgyn geldi. Ýer eýeleri “Lion” toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini 31-nji minutda Lukas Tuzar derwezä girizdi.

Ýene degişli makalalar

Ronaldu - 2020-nji ýylyň "Altyn aýagy"
Ronaldu 2020-nji ýylyň “Altyn aýak” baýragyny aldy
Kristiano Ronaldo “Golden Foot” baýragyna mynasyp boldy
“Realyň” 150-nji, Ronaldonyň 96-njy ýeňşi
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi