Içeri İşler Ministri Soýlu, Bolgariýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Içeri İşler Ministri Soýlu, Bolgariýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Bolgariýanyň Içeri işler ministri Boýko Raşkow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministrlikden berlen beýannama görä, Soýlu bilen Raşkow telefon söhbetdeşliginde, iki ýurduň arasynda täze gümrük geçelgesiniň açylmagy, serhetleriň howpsyzlygy we bikanun göçe garşy göreş hakynda pikir alyşdy.

Ministr Soýlu, Içeri işler ministrlikleriniň arasyndaky ýokary gatnaşyklaryň, özara hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna itergi berýändigini belledi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde geçen aý gün tertibine getirlen Kyrklareli Rezwe çaýynda täze gümrük geçelgesiniň açylmagy meselesi hakynda hem giňişleýin pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede saklanan türkmen aktiwistlerinde 'saglyk meseleleri' ýüze çykdy
Kyrklareli Brakana Süýjüligi
Energetikada Merkezi Ýurt: Türkiye
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
THF türkmen resmilerini deportasiýa merkezlerindäki türkmenleriň ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar
Mawy Baýdakly Plýažlaryň Sany 531-e Ýetdi