Içgeçme we iýmitlenme…

Içgeçme we iýmitlenme…

Gepleşigimiziň nobatdaký sanýnýň mowzugý: Içgeçme we iýmitlenme…

Içgeçme mahalyndaky iýmitlenme maslahatlary:

1. Içgeçme mahalynda esasy maksadymyz bedendäki suwklyk ýitgisiniň öňüni almak üçin suw içmäge dowam edilmeli. Bedeniňiziň ýitiren suwklygy we natriý, kaliý, hlor ýaly elektrolitleriň öweziniň dolunmagy üçin günüň dowamynda bol suw içiň. Şetdaly, alma ýaly miweleriň täze sykylan suwlary, çal, gazly suw we suw günlük suwkluk zerurlygyňyzy kanagatlandyrar.

2. Şekersiz alma, beýi ýa-da şetdaly kompotlary içgeçmäniň bejergisi üçin peýdalydyr.

3. Süýt önümlerinden biri bolan süýt içmek maslahat berilmeýär. Onuň ýerine fermantirlenen ýagsyz gatyk ýa-da çal içiň.

4. Galla önümlerini iýmek maslahat berilýär.

5. Ýagly naharlary we gowrulan azyklary iýmek maslahat berilmeýär. Ýagly naharlar gadagandyr. Az ýagly naharlary iýiň. Et önümleri ilkinji 3-4 günüň dowamynda iýmäň.

6. Çorbalaryňyzyň düzümindäki witamini artdyrmak maksady bilen gaýnadylan süňküň suwundan peýdalanyp bilersiňiz.

7. Düzüminde şekeriň mukdary ýokary bolan azyklar içegmäniň işleýişini çaltlandyrýandygy üçin olardan daşda durmaly. Şeker içgeçmäni ardyrýar. Şekerden we şekerli azyklardan çetde durulmaly.

8. Erik, garaly, armyt, injir, pyrtykal, mandarin, gawun, garpyz, kakadylan miwer, gök önümler, kartoşkadan daşgary ähli bakja önümleri, süýt, kösükliler, ýarma, kepekli çörek içgeçmäni agyrlaşdyryp bilýär.

9. Günde 1-2 sany gazly suw içiň.

10. Ýagsyz naharlary ýygy-ýygydan iýmek maslahat berilýär.

Iýilmegi maslahat berilýän käbir azyklar

Towuk we balyk eti, az ýagly peýnir, ýagsyz palaw, ýagsyz makaron, gatykly çorbalar, gatyk, çal, ak çörek, banan, gabyksyz alma, şetdaly we beýi, kartoşka iýip bilersiňiz.

· Kartoşka (salat, çorba, gaýnadylan görnüşde iýilmeli)

· Gaýnadylan tüwi we tüwi önümleri

· Banan, alma (gabygyny artyp), şetdaly, böwürtlen, ülje, käşir

· Ýagsyz peýnir

· İçgeçme azalandan soň gaýnadylan ýagsyz et

· Ýygy-ýygydan we az-azdan naharlanmak maslahat berilýär

· Her içgeçmeli buşukmadan soň 1 stakan suw içilmeli.

Içgeçmäniň öňüni almak üçin;

1. Şahsy arassaçylyga üns berilmeli, eller elmydama arassa bolmaly.

2. Şübheli suwdan içmeli däl ýa-da suwy gaýnadyp ilmeli.

3. Suwy kadaly hlorlamaly.

4. Azyk we miwe önümleri hökmany suratda gowy ýuwulmaly.

5. Süýt, gatyk we peýnir alynan mahaly gaplananlaryndan alynmaly.

6. Alynan azyklaryň öndürilen we soňky sarp ediş senesine üns berilmeli.

7. Süýt, gatyk, ýumurtga, towuk, üwelen et goşulan azyklar, et, ýag we beýlekiler sowadyjyda saklanmaly.

8. Süýtli datlylar hem sowadyjyda goýulmaly.

9. Çig we az bişen et iýmeli däl.

10. Ynamdar bolmadyk ýerlerde nahar iýmäň.

11. Esasanda tomus aýlarynda ýagly azyklaryň ýerine ter miwe, bakja önümleri, gatyk, towuk we balyk eti bilen iýmitlenme maslahat berilýär.

12. Siňekleriň tomus aýlarynda ýüze çykýandygy we zir-zibilden azyklara mikrop getirýändigi sebäpli dermanlaýyş işleri geçrilmeli.

Ýene degişli makalalar

Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary
FAO: azyk önümleriniň bahasy bäş aý bäri arzanlaýar
FAO: noýabr aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
Tomus içimlikleri
Azygyň dünýä nyrhlary aprelde mart aýyndakydan arzanlady