IHS: 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitiň bahasy bir barrel üçin $135-a çenli ýokarlanar

IHS: 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitiň bahasy bir barrel üçin $135-a çenli ýokarlanar

2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýä bazarynda hödürlemäniň ýeterlik derejede däldigi sebäpli Brent söwda belgili nebitiň bahasy bir barrel üçin 135 dollara çenli ýokarlanyp biler, şol bir wagtyň özünde 2022-nji ýylda nebitiň bahasy ortaça bir barrel üçin 122 dollar bolar diýlip hasaplanylýar. Şeýle çaklama IHS Markit (S&P Global-yň düzümine girýär) konsalting agentliginiň hasabatynda görkezilýär diýip, TASS habar berýär.

Häzirki wagtda Brent nebiti barreline 110 dollar derejesinde satylýar. Ýöne 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde bahalar bir barrel üçin 136,3 dollara ýeter diýip, IHS-iň hünärmenleri çaklaýar.Umuman, ikinji ýarymýyllykda nebitiň bahasy barreline 135 dollar derejesinde saklanar, ýylyň dowamynda bolsa ortaça bir barrel üçin 122 dollar bolar diýip, IHS belleýär.

Agentligiň hünärmenleriniň pikiriçe, bahalaryň ýokary bolmagynyň sebäbi nebit üpjünçiliginiň ýeterlik derejede bolmazlygydyr.IHS-iň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýylyň ikinji çärýegine çenli ýagdaýa görä, OPEK+ ýurtlarynyň erkin önümçilik kuwwatynyň göwrümi bir günde 2,7 mln barrele (b/g) deňdir. Şeýle-de bolsa, ýylyň ahyryna çenli agentlik görkezijiniň 1,8 mln b/g çenli peselmegine garaşýar, diňe Saud Arabystany bilen BAE nebit önümçiligini artdyrmak mümkinçiligini saklar.

Ýene degişli makalalar

“Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?
Bütindünýä ykdysady forumy başlady
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy
Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy
Nebitiň nyrhy Hytaýyň az isleg bildirmegi sebäpli arzanlady
Gartaşan jübütler ilkinji gezek duşuşan dükanynda toý tutdy