Iki ýanýoldaşyň 15-nji Olimpiýa medaly

Tokio 2020-de welosportuň trek görnüşinde Kennileriň maşgalasynyň gazanan Olimpiýa medallarynyň sany 15-e ýetdi.Britaniýaly welosipedçiler Jeýson Kenni bilen aýaly Laura Kenni Tokio 2020-de jemi 4 medal gazandylar. 33 ýaşyndaky Jeýson Kenni trek ýaryşlarynda keirin görnüşinde altyn, toparlaýyn sprint bäsleşiginde-de kümüş medala mynasyp boldy. 29 ýaşly Laura Kenni bolsa madison ýaryşynda altyn, edil ýanýoldaşy ýaly toparlaýyn sprint bäsleşiginde-de kümüş medal gazandy.

Şeýlelikde, Jeýson Kenniniň Olimpiýa oýunlaryna gazanan medallarynyň sany 9-a (7 altyn, 2 kümüş, Laura Kenniniň gazanan medallarynyň sany-da 6-a (5 altyn, 1 kümüş) ýetdi.

Jeýson mundan ozal, Pekin 2008-de 1 altyn 1 kümüş, London 2012-de 2 altyn, Rioda 3 altyn medal gazanypdy.Laura bolsa, Tokio 2020-den ozal Londondyr Rio Olimpiadalarynyň hersinde 2 altyn medal eýeläpdi.

Netijede, Kennileriň maşgalasy 15 Olimpiýa medalyny gazandy.

Jeýson Kenni umumylykda 7 altyn medal bilen Beýik Britaniýanyň iň köp altyn medal gazanan olimpiýaçysydyr. Onuň umumylykda gazanan 9 medaly-da ony Britaniýada sanawyň birinji ornuna çykarýar.

Ýene degişli makalalar

Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
Haýsysy iň gowy serial bolar?!
Golliwudyň aktýorlarynyň atlaryny dogry ýazmaga çagyrdylar
Stambul iňlis klublaryna garaşýar
Donald Tramp sosial media gaýdyp gelýär
“Liwerpulyň” 128 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek