Iki ýyldyz futbolçy öz yklymyna dolandy

Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň 4-sinde oýnan Günorta amerikaly 2 ýyldyz futbolçy ençeme ýyldan soň öz yklymlaryna dolandylar. Urugwaýy hüjümçi Edinson Kawani Argentinanyň “Boko Huniors”, kolumbiýaly ýarymgoragçy Hames Rordriges Braziliýanyň “Sao Paulo” toparynyň düzümine goşuldy.

Ispaniýanyň “Walensiýa” topary bilen şertnamasy gutaran 36 ýaşyndaky Kawani Argentinanyň meşhur klublaryndan “Boko Huniors” bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ýyldyz futbolçyny garşy almak üçin “La Bombonera” stadiona müňlerçe janköýer ýygnandy.

Ol täze klubunda 10-njy belgide oýnar. Ýurdunyň “Danubio” toparynda futbola başlan Kawani “Serie A”-da “Palermo” hem-de “Napoli”, “Ligue 1”-de PSŽ, “Premier Ligada” “Mançester Ýunaýted”, “La Ligada” bolsa “Walensiýa” klublarynda oýnady.

Karýerasy boýunça 25 kubok gazanan Kawani klublarda 643 oýunda 367 gol geçirip, 74 goluň pasyny berdi.Kawaniniň milli ýygyndyda 136 oýunda 58 goly bar.

Şeýle-de, aprel aýynda” Olimpiakos” toparyndan gaýdan 32 ýaşyndaky Hames Rodriges Braziliýanyň belli klublaryndan “Sao Paulo toparyna erkin agent ýagdaýda transfer boldy.Ol brazil kluby bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň 4-sinde “Ligue 1”-de “Monakonyň”, “La Ligada” “Real Madridiň”, “Bundesligada” “Bawariýanyň, “Premier Ligada” “Ewertonyň” köýnekçelerini geýen ýyldyz oýunçy ýurdunyň “Enwigado” toparynda futbola başlap, ady agzalan toparlardan başga-da, Argentinanyň “Banfild, Portugaliýanyň “Porto”, Kataryň “Al-Raýýan” hem-de Gresiýanyň “Olimpiakos” toparlarynda hem oýnady.

Ol klublarda 485 oýunda 129 gezek tapawutlandy.Rodriges milli toparda 90 duşuşykda 26 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Öz rekordyny täzeledi
Putin Bombalamagy Bes Etsin, Ýaraşyk Gepleşikleri Başlasyn
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýylyň Hüjümlerinde 26 Müň 422 Palestinaly Ýogaldy
Somalide Bombaly Hüjüm Guraldy
“Gaza Sektorynda 108 Žurnalist Öýlerine Atylan Bombalar Sebäpli Öldürildi”