Ikinji Merkezi Aziýa — Hytaý sammiti Gazagystanda geçiriler

Ikinji Merkezi Aziýa — Hytaý sammiti Gazagystanda geçiriler

Merkezi Aziýa — Hytaý formatyndaky ikinji sammit 2025-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçiriler. Muny HHR-iň Başlygy Si Szinpin şu gün birinji Merkezi Aziýa — Hytaý sammitinde yglan etdi diýip, TASS ýazýar.

— Indiki sammit 2025-nji ýylda Gazagystanda geçiriler — diýip, Si Szinpin çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň döwlet ýolbaşçylarynyň mejlislerini her iki ýyldan bir gezek bu formatda geçirmegiň ylalaşylandygy bellenildi.

Belläp geçsek, şu gün Hytaýyň Sian şäherinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda geçirilen Merkezi Aziýa — Hytaý sammitine hormatly myhmanlar hökmünde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak baradaky meseleler maslahatlaşyldy
“Hytaý-Merkezi Aziýa” sammitiniň netijeleri
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa iş saparyny tamamlady, arhiýepiskop Feofilakt Türkmenistana geler, Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Siandaky Dostluk seýilgähinde nar agajyny ekdi
HytaýMerkezi Aziýa ýurtlary täze ösüş maksatnamalary arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirýär