29-njy maýda Kolumbiýada geçirilen Prezident saýlawlarynda Gustawo Petro we Rodolfo Ernandes ikinji tapgyra çykdylar. Çepçi bileleşik “Taryhy şertnamadan” dalaşgär görkezilen Petro üçin saýlawçylaryň 40%-den gowragy ses berdi. Şeýlelikde, Bogotanyň öňki häkimi Gustawo Petro häzirki syýasy çärede öňde baryjylaryň biri boldy. Ol ýeňiş gazanan halatynda, çepçi güýçlere wekilçilik edýän ilkinji döwlet baştutany bolar.
Garaşsyz dalaşgär Rodolfo Ernandesiň tarapdarlary hem öz üstünliklerini baýram edýärler. Ernandes ses bermäge gatnaşan raýatlaryň 28%-i tarapyndan goldanyldy. Ernendes ses berişligiň netijelerini täze özgerişlikleriň beýany diýip belledi.
Jemi alty dalaşgär ýurduň ýokary wezipesine dalaş etdi. Häzirki döwlet baştutany Iwan Duke, saýlawlara gatnaşyp bilmedi, sebäbi Respublikanyň Prezidenti gaýtadan saýlanmak hukugy bolmazdan dört ýyl möhlet bilen saýlanýar.
Dalaşgärleriň hiç biri-de zerur 50% ses alyp bilmänsoň, 19-njy iýunda ýurtda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler. Bilermenler häzirki wagtda kim ýeňiş gazansa-da uzak wagtlap konserwatiwler ýa-da aram syýasatçylar tarapyndan dolandyrylýan Kolumbiýanyň syýasatynda düýpgöter üýtgeşiklikler boljakdygyny çaklaýarlar. Saýlawlara kolumbiýalylaryň 54,91 göterimi ses bermäge gatnaşdy, saýlawçylaryň 45,09 göterimi ses bermekden saklandy.
Günorta Amerikanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogotadyr. 50 milliondan gowrak ilatly bu ýurt gündogarda Braziliýa we Wenesuela, günortada Ekwador we Peru, günbatarda Panama ýaly ýurtlar bilen serhetleşýär.
