Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň kadalaşdyryş-hukuk binýady kämilleşdirilýär

Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň kadalaşdyryş-hukuk binýady kämilleşdirilýär

Türkmenistan hökümetiniň we BMG-niň Durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek boýunça agentlikleriniň bilelikdäki meýilnamalarynyň çäginde Iş toparynyň agzalary bu pudakda milli kanun çykaryjy binýady ösdürmek barada birnäçe maslahatnama bilen tanyşdylar.

Milli we halkara geňeşçiler tarapyndan teklip edilen üýtgetmeler durmuş hyzmatlarynyň täze nusgalarynyň synag üçin girizilmeginiň hukuk esasyny döretmäge, şeýle hem milli kanunçylygy halkara ölçeglere laýyk getirmäge gönükdirilendir.Olar Türkmenistanyň Çaga hukuklary baradaky Konwensiýa, Maýyplaryň hukuklary baradaky Konwensiýa, Zenanlar babatynda kemsidilmeleriň ähli görnüşini aradan aýyrmak baradaky Konwensiýa webeýleki halkara hukuk resminamalary boýunça halkara borçlaryny göz öňünde tutmak bilen, adam hukuklaryny üpjün etmek ýörelgesine esaslanýarlar.

Taslama jemgyýetçilik işlerine we onuň ýerli derejede durmuşy hyzmatlary amala aşyrmakdaky ornuna degişli birnäçe täze ýörelgeler girizildi. BMG-niň ilatyň sanynyň artmagynyň pudagyna degişli Gaznasy tarapyndan guralan birnäçe onlaýn söhbetdeşlige Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, BMG-niň agentlikleriniň wekilleri we beýleki milli hyzmatdaşlar gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlary ýazyp bermekden ýüz öwürýärler
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanda telekeçiler bilen bagly ýeňillikleriň sany artdy
Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodekse üýtgetmeler girizildi
Ýewropa aýallary we maýyplary Aýa iberýär
Lebapda döwletden kömek pullaryny almak hukugyna eýe bolmak üçin nobatlar döredi