Ilçi Szi Şumin: Hytaý türkmen gatnaşyklarynyň ösüş depgini syýasy hyzmatdaşlygyň nusgasydyr

Ilçi Szi Şumin:  Hytaý  türkmen gatnaşyklarynyň ösüş depgini syýasy hyzmatdaşlygyň nusgasydyr

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Hytaý Türkmenistan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine saparynyň bolsa gatnaşyklaryň ösüşinde täze sahypany açandygyny aýtdy.

Diplomatyň ýatladyşy ýaly, 17 20-nji mart aralygynda Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda dostlukly saparda boldy.Ol Hytaýyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakalar bolan Halk wekilleriniň Bütinhytaý ýygnagynyň we Halk syýasy maslahat geňeşiniň ýyllyk mejlisleri tamamlanandan soň, Hytaýa gelen ilkinji döwlet Baştutany boldy diýip, ilçi belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Pekine sapary geçmişi we geljegi baglanyşdyrmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde täze sahypany açan möhüm ädim boldy.Bu saparyň dowamynda Başlyk Si Szinpin Gahryman Arkadag bilen mähirli we dostlukly duşuşyk geçirdi.

Taraplar gatnaşyklary berkitmek we dürli ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ymykly pikir alyşdylar.Iki ýurduň döwlet Baştutanlary giň ylalaşyk gazandylar we bilelikdäki hyzmatdaşlyga güýçli itergi berdiler diýip, Szi Şumin aýtdy.

Ilçi iki ýurduň arasyndaky häzirki gatnaşyklara ýokary baha berdi we hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki dinamikasynyň syýasy gatnaşyklaryň nusgasydygyny belledi. "Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy özara ynanyşma barha pugtalanýar.Halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň çuňňur taryhy kökleri bar.

Biziň ýurtlarymyz birek-birege ynam we özara goldaw bilen garaýan wepaly dostlar, ýürekdeş doganlar we hoşniýetli hyzmatdaşlardyr.Diplomatik gatnaşyklar ýola goýlanyndan bäri geçen 34 ýylyň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklary durnukly, sagdyn we birsydyrgyn ösüşini dowam etdirip, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykdy" diýip, Szi Şumin nygtady.

Ýene degişli makalalar

Ilçi Szi Şumin: Hytaýda Türkmenistanyň medeniýetine we döwlet diline gyzyklanma artýar
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk
Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan Hindistan Türkmenistan gatnaşyklary şu gün täze many-mazmuna eýe bolýar
Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan Hindistan Türkmenistan gatnaşyklary şu gün täze many-mazmuna eýe bolýar
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Wena şäherinde 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany şygary tanyşdyryldy