Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.

Taraplar iki ýurduň halkara meýdançalardaky özara gatnaşyklarynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler we mundan beýläk-de birek-biregiň başlangyçlaryna özara goldaw bermek niýetini tassykladylar.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag ulgamlaryndaky özara hereketleri güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi, şol sanda bilelikdäki çäreleri geçirmek we halkara forumlaryna özara gatnaşmak meselelerine seredildi.Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-kamboja syýasy geňeşmeleriniň ilkinji tapgyry geçirildi
Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen geçirilen duşuşyk barada
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
Ahmet Demirok: Syýahatçylyk medeniýeti birleşdirýär we dostluk köprülerini gurýar
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE HEM-DE MERKEZI AZIÝA RUSSIÝA FORMATYNDAKY DUŞUŞYGA GATNAŞDY