Ahmet Demirok: Syýahatçylyk medeniýeti birleşdirýär we dostluk köprülerini gurýar

Ahmet Demirok:  Syýahatçylyk medeniýeti birleşdirýär we dostluk köprülerini gurýar

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň açylyşy mynasybetli diplomatik toparyň, syýahatçylyk telekeçiliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Çäräniň resmi açylyş dabarasyny Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok geçirdi.

Diplomatik çäreleriň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkiýäniň dünýä syýahatçylyk merkezi hökmünde üstünlikleri barada aýdyp geçdi. Özüniň geografik taýdan oňaýly ýerleşmegi, ýumşak howasy we baý taryhy mirasy bilen Türkiýe ýylyň dört möwsüminde hem dürli-dürli dynç alyş usullaryny hödürlemek bilen syýahatçylarda islenilýän ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Ahmet Demirok syýahatçylygyň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetliligine aýratyn ünsi çekdi.Syýahatçylyk dürli medeniýetleriň birleşmesinde we dostluk köprüleriniň gurulmagynda uly orun eýeleýär. Şeýle-de syýahatçylyk Türkmenistan we beýleki birnäçe ýurtlaryň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy ulgamy bolup durýar diýip, wekil belledi.

Ahmet Demirok Türkiýäniň Türkmenistanyň raýatlary üçin hem köp isleg bildirilýän ýurtlaryň biridigini aýtmak bilen Ankaranyň diplomatik wekiliýetiniň tomusky dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda türkmen doganlarynyň Türkiýä etjek syýahatlaryny guramaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatda Türki dilleriň Bütindünýä güni bellenildi
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUS SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE HEM-DE MERKEZI AZIÝA RUSSIÝA FORMATYNDAKY DUŞUŞYGA GATNAŞDY
Türkiýe Ysraýylyň Günbatar Şeriany anneksirlemäge synanşmagyny ýazgardy