TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUS SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUS SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň gatnaşmagynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşi bellenildi.

Şeýle-de, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki netijeli özara gatnaşyklara üns çekildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa-Russiýa formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Diplomatlar 20252026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda baglaşylan Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda dialogy has-da güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Taraplar sebit howpsuzlygy we durnuklulygy meselelerine hem garadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Wladimir Putin, Mihail Mişustin GDA sammitlerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelerler
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy