Wladimir Putin, Mihail Mişustin GDA sammitlerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelerler

Wladimir Putin, Mihail Mişustin GDA sammitlerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelerler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ugurlary boýunça geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin sapar bilen Aşgabada gelmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkiniň çarşenbe güni “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda habar berildi.

Mihail Mişustiniň Türkmenistana sapar bilen 22-nji maýda gelmegine garaşylýar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa 9-njy oktýabrda Aşgabatda geçiriljek çärelere gatnaşar. Öňümizdäki ýokary derejeli duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky işjeň syýasy gepleşikleriň dowamy hökmünde kabul edilýär, diýip Iwan Wolynkin aýtdy.

Makalada bellenilişi ýaly, şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygyny belleýär. Diplomatyň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar çuňňur strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolup, özara hormat goýmak, ynanyşmak we konstruktiw özara gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanýar.

Iwan Wolynkiniň aýtmagyna görä, taraplar global we sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakynlygyny görkezýärler hem-de ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara meýdançalarynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler.

Çärelere Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy, şeýle hem ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi web-saýtynda çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Russiýada iň köp okalýan kitaplar
“Altyn asyr” AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder
15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti