Russiýada iň köp okalýan kitaplar

Russiýada iň köp okalýan kitaplar

Russiýalylaryň iň ähmiýetli we ýygy okaýan kitaplarynyň sanawynda mukaddes Gurhan hem bar. “Russian Field” barlag merkeziniň maglumatlaryna görä, 30 ýaşdan kiçi bolan Russiýa raýatlary üçin iň ähmiýetli kitap Jorj Oruelliň “1984” romany boldy.

Sowallara jogap beren ýaşlar iň wajyp eserleriň hatarynda Lew Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” romanyny, Garri Potter baradaky kitaplar toplumyny, Iwan Turgenewiň “Atalar we ogullar” eserini, Injili we Konstitusiýany hem agzadylar.

Ähli ýaş toparlaryny öz içine alýan umumy sanawda birinji orny “Uruş we parahatçylyk” eýeledi. Ondan soňra Nikolaý Ostrowskiniň “Polat nädip taplandy” we Mihail Bulgakowyň “Ussat we Margarita” eserleri gelýär. Aleksandr Solženisyniň “GULAG arhipelagy” sanawyň 15-nji ornunda ýerleşen bolsa, Gurhan 17-nji orunda ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

"Türk dili medeniýetiň we şahsyýetiň eýeçiligidir"
Türkmenistanda parlament saýlawlaryna gatnaşanlaryň sany 90%-den geçdi, 2023-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan Hytaýa 1,61 milliard dollardan gowrak möçberde haryt eksport etdi we beýleki habarlar
Aşgabatdan Londona uçuşlar üçin awiapetekler satuwa çykaryldy, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Täjigistana barar, Türkmenistan parlament saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi we beýleki habarlar
Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, Lebapsuwhojhalyk birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň Komatsu kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar
HBO Garri Potter köp bölümli filmini surata düşürip başlar
Aktýor Deniel Redkliff ilkinji gezek kaka boldy