Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini nygtadylar.Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe boldy. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn dialogy goldamakda, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegi üpjün etmekde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde başlangyçlary özara goldamakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi.Hususan-da, taraplar ulag-logistika arabaglanyşyklaryny berkitmek, multimodal ulag geçelgelerini giňeltmek hem-de serhetara amallary ýeňilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu bolsa ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin amatly şertleri döredýär.Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň özara gatnaşyklarynda medeniýet, ylym, bilim we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär.Diplomatlar bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň, döredijilik alşygynyň we bilim başlangyçlarynyň halklaryň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmekdäki ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ähli esasy ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar hem-de ýurtlaryň arasynda konstruktiw we yzygiderli dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Kataryň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Azerbaýjan dron hüjüminden soň Eýrandaky diplomatik wekillerini ewakuasiýa etdi
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi
Eýran Mojtaba Hameneýiň ýokary liderlige saýlanmagyndan soň, Ysraýyla we Pars aýlagy ýurtlaryna zarba urdy