Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.Gepleşigiň dowamynda taraplar Ýakyn we Orta Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Ähli çylşyrymly halkara meseleleriniň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly, halkara hukuk esasynda çözülmelidigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem Azerbaýjanyň çägine amala aşyrylan soňky howa hüjümleri bilen baglylykda, döwletleriň özygtyýarlylygyny hormatlamak ýaly BMG-niň Tertipnamasynyň esasy ýörelgesiniň bozulmagyna ýol berilmezligi nygtaldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaý bilen bagly käbir ynsanperwer meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Eýran Mojtaba Hameneýiň ýokary liderlige saýlanmagyndan soň, Ysraýyla we Pars aýlagy ýurtlaryna zarba urdy
Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri bilen duşuşyklar
Londonda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Hakan Fidan Kataryň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY