TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlara we duşuşyklara kesgitleýji ornuň degişlidigi nygtaldy.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda halkara giňişliginde alyp barýan işine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara giňişliginde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, özara gatnaşyklarynyň işjeň derejesi bellenildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň beýleki formatlarynyň hatarynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy aýratyn bellenilip, onuň çäklerinde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýändigi aýdyldy.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

FAO Türkmenistanda wekilhanasyny açar
Türkmenistan bilen ABŞ ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Zimbabweniň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary bilen duşuşygy
Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri bilen duşuşyklar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşygy
Türkmenistanyň DIM-inde Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi