Türkmenistan bilen ABŞ ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen ABŞ ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabat şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda taraplar sebit durnuklylygy bilen baglanyşykly meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.

Amerikan tarapy Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi.

Şol gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Serjio Goryň, şeýle-de amerikan we türkmen işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda resmi kabul edişlik guraldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ABŞ bilen ykdysady hyzmatdaşlygy, sebit howpsuzlygy meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Goranmak ministri ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň ministri bilen duşuşdy
Döwlet sekretary Rubio türkmen baş diplomaty bilen gepleşdi
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda medeni hyzmatdaşlyk täze tapgyra çykarylar
Jorjio Armani, modada we sungatda gazanylan üstünlik üçin Italiýanyň iň ýokary baýragy bilen sylaglandy