Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň durnukly ösdürilýändigini bellediler hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň möhüm strategik hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny nygtap, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Şeýle-de duşuşykda “Merkezi Aziýa — ABŞ” formatyndaky sammite gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherine amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn depginlerde ösdürilýändigine kanagatlanma bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen ABŞ ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy
ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň ministri türkmen hyzmatdaşlaryna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi
Döwlet sekretary Rubio türkmen baş diplomaty bilen gepleşdi
Merkezi Aziýanyň ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegi nazarlaýan wagty, Bişkekde B5+1 forumy geçirilýär
Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda medeni hyzmatdaşlyk täze tapgyra çykarylar