Ildeşimiz Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýanyň 48-nji çempionatynda ildeşimiz Hojamuhammet Toýçyýew bürünç medala mynasyp boldy.Ol 109-dan ýokary agram derejesinde birbada götermekde 187 kg, itekläp götermekde-de 234 kg götermegi başardy.

Ol birbada götermekde 4-nji, itekläp götermekde bolsa, 3-nji orny eýeledi.Umumylykda-da 421 kg agramy galdyran türkmenistanly pälwan bürünç medala mynasyp boldy.Bu agramda eýranly Ali Dawudi 1-nji (432 kg), Hytaý taýpeýli Çen Şih-çieh (422 kg) 2-nji ýeri eýeledi.Zenanlaryň arasynda Aýsoltan Toýçyýewa 81 kg agramda çykyş edip, ildeşimiziň itekläp götermekde görkezen netijesi iň gowy 2-nji görkeziji diýlip, hasaba alyndy.

Ol 114 kg agramy galdyryp, 2-nji orna mynasyp boldy.Umumylykda medallaryň sanawynda hytaýly ştangaçylar uly artykmaçlyk görkezdiler.Olar 11 altyn, 6 kümüş, 2 bürünç medal gazandylar. 2 altyn medal alan Demirgazyk Koreýa 2-nji (4 kümüş, 4 bürünç), Eýran 3-nji (3 kümüş, 1 bürünç), Günorta Koreýa 4-nji (2 bürünç) orny eýeledi. Çempionatda erkek türgenler 5, zenanlar bolsa 10 sany dünýä rekordyny täzeledi.

Ýene degişli makalalar

Hojamuhammet Toýçyýew Olimpiýa medalyndan bir ädimlikde
Türkmenistanly Toýçiýew Tokio-2020-däki çykyşyny 4-nji ýerde tamamlady
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy
Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna gatnaşjak türkmenistanly türgenler belli boldy
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar
Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi
Dünýä çempionatynda türkmenistanly agyr atletikaçylar haçan çykyş eder?