Ilki Kameruny, soňra Nigeriýany ýaryşdan çykardy

Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynyň Afrika zolagy boýunça yklymlararasy pleý-off tapgyryna gatnaşjak topar belli boldy.Afrika zolagynyň pleý-off tapgyrynyň ýarym finalynda Nigeriýanyň ýygyndysy Gabonyň ýygyndysyny goşmaça wagtda 4-1 hasabynda ýeňdi (Adams 78, Ejuke 97, Osimhen 102, 110 M.

Lemina 89).Nigeriýanyň finaldaky garşydaşy Kongor DR-niň ýygyndy topary bolup, kongolylar ýarym finalda öňdebaryjy toparlaryndan Kamerunyň ýygyndysyny Kameruny Mbemanyň 90+1-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda utdy.

Marokkonyň paýtagty Rabatda oýnalan Nigeriýa bilen Kongo DR-niň ýygyndylarynyň arasyndaky finalyň esasy wagty 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy (Onýeka Elia 32).Goşmaça wagtda hasap üýtgemänsoň, ýeňijini 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi.

Netijede, Kongo DR-niň ýygyndysy 4-3 hasabynda üstün çykyp, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.Kongo DR-niň ýygyndysy mart aýynda oýnaljak yklymlararasy pleý-off tapgyryna gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
“Galatasaraý” 2 oýunçyny transfer etdi
Soňky 2 ýygyndyny kesgitlejek duşuşyklar
OPEC döredildi
Ýitip gitmek howpy abanýan jandarlar
OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaldar