Salah milli toparyna 90-njy minutdan soň ýeňiş getirdi

Salah milli toparyna 90-njy minutdan soň ýeňiş getirdi

Marokkoda dowam edýän 35-nji Afrika Milletler Ligasynda 2 günde 3 duşuşyk geçirildi.

“A” toparçada Mali bilen Zambiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanyp, Zambiýanyň ýygyndysy 90-njy minutdan soň ýeňlişden halas boldy (Sinaýoko 61 Patson Daka 90+2).

“B” toparçada 2 duşuşyk hem 2-1 hasabynda tamamlandy. Günorta Afrikanyň ýygyndysy Angolanyň ýygyndysyny Appollisiň 21-nji hem-de Laýl Fosteriň 79-njy minutdaky gollary esasynda ýeňiş gazandy. Angolalylaryň ýeke-täk goluny 35-nji minutda Şow geçirdi.

Edil şonuň ýaly, Müsüriň ýygyndysy hem Agadir şäherinde Zimbabweniň ýygyndysyny kynlyk bilen oýnuň soňky pursatlarynda geçiren goly esasynda ýeňmegi başardy.Duşuşykda zimbabweliler Prins Dýubeniň 20-nji minutdaky goly bilen öňe geçdi.

Müsüriň ýygyndysy 2-nji ýarymda “Premier Ligada” oýnaýan ýyldyzlarynyň gollary bilen ýeňiş gazandy.Bu ýaryşyň iň köp çempionlyk gazanan toparyna ýeňiş getiren gollary 64-nji minutda Omar Marmuş bilen 90+1-nji minutda Mohamed Salah geçirdi.

Çempionatyň 3-nji gününde, ýagny şu gün 4 duşuşyk geçirilip, Kongo DR Benin (17:30), Senegal Botswana (20:00), Nigeriýa – Tanzaniýa (22:30) hem-de Tunis Uganda (01:00) duşuşyklary oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ertir 35-nji Afrika Milletler Kubogyna badalga berler
1/8 finala çykan toparlar belli boldy
ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawy mälim edildi
BMG: Soňky 100 ýyldaky güýçli yssy Afrikanyň günortasyny hasylsyz goýdy
Ýer eýeleri Marokkonyň ýygyndysy ýeňiş bilen başlady
Faworitler ýeňiş bilen başlady