Ýer eýeleri Marokkonyň ýygyndysy ýeňiş bilen başlady

Ýer eýeleri Marokkonyň ýygyndysy ýeňiş bilen başlady

Düýn badalga alan 35-nji Afrika Milletler Kubogynda ýaryşyň ilkinji duşuşygynda ýer eýeleri Marokkonyň ýygyndysy Komor adalarynyň milli toparyndan 2-0 hasabynda üstün çykdy. Marokkonyň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary 55-nji minutda Brahim Diaz bilen 74-nji minutda Aýub El-Kaabi derwezä girizdi. Oýnuň 11-nji minutynda Sofian Rahimi 11 metrlik jerime urgusyndan ýerlikli peýdalanyp bilmedi.

Çempionatda şu agşam Mali Zmbiýa (19:00), Günorta Afrika Angola (22:00) hem-de Müsür Zimbabwe (01:00) duşuşyklary oýnalar.

Ýene degişli makalalar

1/8 finala çykan toparlar belli boldy
Ertir 35-nji Afrika Milletler Kubogyna badalga berler
Salah milli toparyna 90-njy minutdan soň ýeňiş getirdi
BMG: Soňky 100 ýyldaky güýçli yssy Afrikanyň günortasyny hasylsyz goýdy
Çärýek finalda çekeleşikli duşuşyklar garaşýar
Mane köne dostuny gynandyrdy