Ilkinji gaýykly halasgär robot

Hytaýly alymlar emeli aň arkaly dolandyrylýan ilkinji gaýykly halas ediji roboty işläp düzdüler.Lohe derýasynda synagdan geçirilen gaýykly robot eserdeňlik bilen gözegçilik işine girişdi. Şeýle-de özbaşdak işlemäge mümkinçiligi bolan bu robot nawigasiýa we gözegçilik tehnologiýalary bilen üpjün edildi.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, robotyň özi emele gelen ýagdaýy seljerip, adamyň suwa gark bolmagynyň sebäbini, onuň kömege mätäçdigini ýa-da ýokdugyny anyklaýar.Gaýykly robotyň halas ediş enjamlary bilen birlikde ýörite niýetlenen manipulýator eli hem bar.

Onuň kömegi bilen robot zyýan çeken kişi gaýyga ýapyşyp bilmese, kömek goluny uzadýar.Bilermenler adamyň suwda sessiz hem gark bolup bilýändigini, halas etmek üçin gyssagly wagtyň bolsa, bäş minutdan geçmeýändigini belleýärler.

Halasgär robot bolsa wakanyň bolan ýerine adamdan çalt ýetip bilýär.Netijede, robot adam ömrüni halas etmekde aýratyn ähmiýete eýe bolup biler.Daýanç MUHYÝEW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby. /* custom css */ .td_uid_15_6749af4152c46_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6749af4152c46_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Polşanyň prokurorlary aktiwist Aýsoltan Nyýazowany azatlyga goýberdi
Germaniýada garrylar öýünde ýangyn boldy
Hindistanda ýaragly adamlar magdan käniniň 10 işgärini zamun aldylar
Waşingtony çabga gark etdi
Uralda azaşan pensioner bir hepdeden soň halas edildi
Malaýziýada gurlup ýören myhmanhana ýykyldy