Ilkinji gezek açyk kosmosa çykdy

29-njy aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň kosmonawty Soltan Al-Neýadi NASA-nyň kosmonawty Stiw Boweniň ýanyna barmak üçin Halkara kosmos stansiýasynyň modulyndan açyk kosmosa çykdy.

Al-Neýadiniň watanynda açyk kosmos çykyş möhüm döwür hökmünde häsiýetlendirildi. Ol indi Kosmos soltany hökmünde tanalýar. 41 ýaşly Soltan Al-Neýadi taryhda açyk kosmosa çykan ilkinji arap astronawty boldy.

Ol alty aý bäri Halkara Kosmos Stansiýasynyň bortunda işleýär. Al-Neýadi NASA-dan ugradylan kärdeşi bilen stansiýanyň modulyndan çykansoň, modulyň elektrik üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça iş alyp bardy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň “Atlantis” şattly soňky uçuşyny amala aşyrýar
NASA Marsda bir ýyllyk durmuş synagyny tamamlady
Goşa galaktika tapyldy
Astronawtlar nädip ses berýär
Kosmonawt bolmagy arzuw edýärin
54 ýyldan soňra Aýa syýahat
Kosmos pudagynda garaşylýan täzelikler