Ilkinji Gün awtoulagy

Awtoulag ägirtleri elektrik ulaglary üçin täze Gün batareýalaryny işläp düzýärler. Niderlandlaryň Lightyear Gün ulagy günde 70 kilometrden gowrak sürmek üçin ýeterlik bolan Gün energiýasyny ýygnap bilýär. Awtoulagyň kapoty we üçegi Gün panelleri bilen örtülendir.

Bu diňe ilkinji ädim bolup, 250 müň ýewrolyk awtoulag munuň mümkindigini görkezýär.Bu tehnologiýanyň görkezijisidir, ýöne aslynda biziň maksadymyz üç ýyldan bahasy 30 müň ýewro bolan awtoulag bilen bazara çykmakdyr diýip, Lightyear kompaniýasynyň baş ýolbaşçysy Leks Hufslut gürrüň berýär.Lightyear güýzde öndürilip başlanar we kompaniýa noýabr aýyndan başlap iň gymmat sedany bazara çykaryp ugrar.

Gün panelleri awtoulag hereket edýän mahaly ýa-da açyk howada duran mahaly batareýa zarýad berýär.

Ýene degişli makalalar

AGG Lighting dükanynda lýustralaryň täze modelleri alyjylara ýetirilýär
Volkswagen we Tesla iň abraýly kompaniýalaryň sanawyndan çykdy
Saudi Aramco заявила о планах повысит цены на все сорта нефти для всех регионов
Saud Arabystany aprelde nebitiň ähli görnüşleri üçin nyrhlary galdyrmakçy
Saudi Aramco Ýewropadaky, Aziýadaky we ABŞ-daky müşderileri üçin nebitiň bahasyny ýokarlandyrdy
Aşgabatda köpçülikleýin waksina edilýär. Kerkide täze karantin zolagy guruldy