Volkswagen we Tesla iň abraýly kompaniýalaryň sanawyndan çykdy

Volkswagen we Tesla iň abraýly kompaniýalaryň sanawyndan çykdy

“Time” žurnaly “geljegiň formirlenmegine uly täsir edýän” 100 kompaniýadan ybarat ýyllyk sanawyny hödürledi. Bu sanaw hasap boýunça ikinji bolup, bu gezek oňa üç awtoöndüriji girdi: amerikan kompaniýasy Ford, hytaý kompaniýasy BYD we elektromobilleri öndüriji Rivian. Ýöne geçen ýyl sanawa giren Tesla kompaniýasy täze sanawa girmedi. Mundan başga-da, sanawda Volkswagen we General Motors brendleri hem ýok.

Ford bilen Rivian awtoöndürijisi sanawa täze girenler bolup, bir ýylda öz ornuny saklamak diňe BYD-a başartdy. Kompaniýalaryň her biri belli bir üstünlikleri bilen bellenildi. Mysal üçin, Ford elektrikleşdirme we “ýaşyl” herekete maýa goýumy, şeýle-de Ford-150 Lightning elektropikapy bilen tapawutlandy. Soňkynyň esasynda ýanwar aýynda kompaniýanyň bahasy 100 mlrd dollardan geçdi.

Rivian brendi häzirki wagtda R1T pikapyny işjeň ýola goýmaga başlamady, ol bir müňden az awtomobil iberdi, ýöne 83 müň sargyt aldy. Kompaniýa Amazon-y we Jeff Bezosyň özüni gyzyklandyran elektromobilleri üçin sanawa girdi. Firma 2009-njy ýylda startap hökmünde döredildi, indi bolsa ýylda 25 müň elektrokar möçberinde önümçilik kuwwatyna çykmagy meýilleşdirýär.

Hytaýyň BYD brendi ýakynda adaty içerki ýangyç hereketlendirijili awtoulaglary çykarmagy bes edýändigini mälim etdi. Model gammasynda diňe elektrokarlar we gibrid ulgamly awtomobiller galar.

Tesla barada aýdylanda, bu kompaniýa heniz 2019-njy ýylda görkezilen Cybertruck-yň birje nusgasyny-da çykarmady. Sanawy düzüjileriň çözgüdine hem şu faktyň täsir eden bolmagy ähtimal.

Ýene degişli makalalar

Elektroulagda Aziýa öňde
Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy
Hytaýda satylan ulaglaryň 27 göterimi elektrikli
“Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Ýewropada öňdeligi eýeleýär