Ilkinji kosmos syýahatçysy Aýyň hem ilkinji syýahatçysy bolar

Kosmos pudagynda iş alyp barýan “SpaceX” kompaniýasy syýahatçylyk pudagyny ösdürmek isleýär.Astronawtlar bilen bir hatarda öz hasabyna asman giňişligine çykmak isleýänleri hem kosmosa gatnadýan kompaniýa geljekde Aýa syýahaty ýola goýmak isleýär. 2001-nji ýylda öz puly bilen Halkara kosmos bekedine çykan we ilkinji kosmos syýahatçysy hasaplanýan 82 ýaşly Dennis Tito Aýyň ilkinji myhmany bolmak isleýär.

Amerikan işewüri, inžener Denis Tito 2001-nji ýylda Russiýanyň “Soýuz” gämisi bilen kosmosa çykyp, ol ýerde bir hepde bolupdy. “SpaceX” kompaniýasy işewüriň aýaly Akiko Tito bilen etjek syýahatynda Aýyň ýanyndan geçmek isleýändigini mälim etdi.

Aý syýahatynyň bir hepdä golaý dowam etjekdigi we bu syýahata 10 adamyň gitjekdigi mälim edildi.Kosmos gezelenjine gatnaşanlar Ýeriň hemrasyna aýak basmazlar, diňe onuň daşyndan aýlanyp gaýdarlar.Inžener käriniň eýesi bolan Tito kosmosa ilkinji syýahaty üçin 20 million dollar töländigini mälim edipdi.

Indiki syýahatyň bahasy bolsa, häzirlikçe mälim edilmedi.Häzirki wagtda ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA” hem-de “SpaceX” kompaniýasy “Crew Dragon” atly kosmos gämisi bilen kosmosa syýahatçylyk maksatly uçuşlary hem amala aşyrýar.

Batyr Haýydow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
371 günden soň kosmosdan gaýdyp geldi
SPACEX HKS-e halkara toparyny ýollady
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Türkmenistanda doglan kosmonawt türk kosmonawtyny garşy aldy
Dünýäniň ähli ýeri hyzmat ediş çägine girer