Ilon Mask Teslanyň 3,6 milliard dollarlyk paýnamalaryny satdy

Ilon Mask Teslanyň 3,6 milliard dollarlyk paýnamalaryny satdy

Amerikaly işewür, milliarder Ilon Mask, ABŞ-nyň Gymmatbaha kagyzlar we biržalar boýunça Geňeşine (SEC) berlen resminamalara görä, 12-14-nji dekabr aralygynda özüniň Tesla Inc. kompaniýasynyň umumy bahasy 3,6 milliard dollara deň bolan paýnamalaryny satdy. Bu barada Kapital.kz saýty habar berýär. Şu döwürde Maskyň satan paýnamalarynyň sany 22 milliona deň boldy.

Bu işewüriň Tesladaky paýyny azaltmagy bilen bagly ilkinji ýagdaý däl. Ol noýabryň başynda hem paýnamalarynyň 19,5 millionyny satyp, 3,95 milliard dollar girdeji gazandy. Ondan öň, 2021-nji ýylyň aýagy — 2022-nji ýylyň başynda Mask kompaniýanyň paýnamalarynyň satuwyndan 31,81 milliard dollar girdeji aldy diýip, Dow Jones Market Data Group habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Tesla kompaniýasy köpçüligi CyberCab robotakisisi bilen tanyşdyrdy
Sürüjisiz taksi hyzmatyny hödürleýär
Mask adamzadyň halas bolmagy üçin şertleri agzady
Tramp wezipelere belledi
Trampa degişli oteliň öňünde Tesla ulagy partlady
Tesla 1500 robotaksi öndürer
“Time” žurnaly “emeli aň arhitektorlaryny” ýylyň adamy diýip atlandyrdy