Ýer ýüzünde duş gelýän janly organizmleriň aýratyn şalygy bolan kömelekler şalygy özüniň köpdürliligi hem-de täsin görnüşleri bilen bellidir.Häzirki wagtda ylmy maglumatlara görä, kömelekleriň 100 müňe golaý görnüşi bolup, olar ölçegleri, ululygy bilen tapawutlanýar.
Duş gelýän kömelekleriň arasynda iň ulusy “Armillaria ostoyae” hasaplanýar.Bu kömelegiň agramy 400 tonna töweregi, ýüzüniň tutýan meýdany 965 gektara golaý bolup, bu görkeziji 140 sany futbol meýdançanyň ululygyna ýetýär. Şunlukda, ol Ýer ýüzünde bitýän iň äpet janly organizm hökmünde kabul edilýär.
Alymlaryň aýtmagyna görä, bu äpet kömelegiň ýaşy 2400 ýyl diýlip çaklanylýar.Käbir çeşmelerde 8650 ýyl diýlen maglumatlar hem duşýar. Äpet kömelek özüniň rizomorf gurluşy bilen uly göwrümini emele getirýär. Ýerüsti bölegi onuň miseliý bolup, topraga rizoidleri bilen berkleşýär. Ýagny kömelek ýerasty damarlar arkaly bir-biri bilen birleşýän äpet “tory” emele getirýär.
Bu kömelek ABŞ-nyň Oregon ştatynyň daglyk sebitinde ýerleşýän Maler tokaýlygynda ösüp otyr.
Myrat Gurbanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby