Iň çalt ösýän agaç pawloniýa

Pawloniýa agajy dünýädäki iň çalt ösýän agaçlaryň biri hasaplanýar.Bu günki günde köpçülik üçin täzelik bolan pawloniýadan dünýäde dekoratiw agaç hökmünde köçeler, dynç alyş mesgenler, seýilgähler, landşaft mesgenlerinde giňden peýdalanylýar.

Emma dünýäde gymmat bahaly agaç hökmünde ekilýän pawloniýa agajy diňe bir dekoratiw maksatda ekilýänligi üçin däl-de, gymmat bahaly häsiýetli alamatlary bolany üçin has ähmiýetli hasaplanýar.Bedeni çynar agajyna, boýy derek agajyna meňzeş bolan, bu agajyň her bir bölegi köpdürli pudaklara peýda getirýär.

Ol gülläninde balarylar üçin amatly nektar çeşmesi bolup, bir aýyň dowamynda öz hoşboý ysy ýaradyp başlaýar.Güllerinden kosmetika senagatynda giňden peýdalanýarlar.Aprel-maý aýlaryna gabat gelýän gülleýiş döwrüne eýe bolan bu agaçdan bir möwsümde, bir sany balary maşgalasy 10-15 kg bal ýygnap bilýär.

Pawloniýa plantasiýalarynda balary maşgalalaryny idetmek işi ýola goýulsa, bu agajyň bir gektaryndan 5-6 ýylda müň kilogramdan gowrak ýokary hilli bal almak mümkindir. Ýene bir aýratynlykly tarapy pawloniýa agajynyň gülleri beýleki agaç görnüşleriniň gülleri ýaly allergiýa gozgaýan häsiýete eýe däldir.

Gülleýiş döwründe özünden ýakymly ys bölüp çykaryp daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.

Pawloniýa agajynyň ýapraklary örän uly adatça 70 santimetre çenli ýetip bilýär.Gurak yssy döwürlerde bolsa kölegesi salkyn, jana ýakymly hasaplanýar.Sowuk düşüp başlanda pawloniýa hem beýleki agaçlar ýaly ýapraklaryny dökýär.

Onuň guran ýapraklaryny ot-iým hökmünde ulanmaklyk mallar üçin has ýokumly iýmit bolup hyzmat edýändir.Agaç ýapraklaryndan we şahalaryndan ýygnalan çykyndylardan köp mukdarda bioýangyç hem almak mümkindir.Bu agajyň watany Günorta we Günorta-gündogar Aziýa hasaplanýar.

Esasan, Hytaýda we Ýaponiýada pawloniýa agajyny köpeldilip ondan mebel öndürmekde çig mal hökmünde ulanylýar.Dünýäde pawloniýanyň 12 sany ýabany görnüşleri bolup şondan, 11 sany görnüşi Hytaýda ösdürilýär. Ýaponiýada bolsa bu agaç aşhana gap-gaçlary, öý goşary, gaýyk ýaly önümler öndürmekde, gurluşyk senagatynda giňden ulanylýar. Ýeňildigine garamazdan örän berk we çeýe häsiýeti agajyň suwda batmazlygyny üpjün edýär. Şeýle hem agaç ýokary gyzgynlyga hem çydamlydyr.

Agaçdan mebel senagatynda peýdalanmak üçin “Şang-Tong” atly gibrid sorty amatly hasaplanýar. Örän çalt ösýän agaç kesilenden soňra ýene-de gysga wagtdan boý alyp bilýär. Şonuň üçin bu agaç sekiz gezekden gowrak kesip aýrylanda-da ýene ösüp boý alýanlygy üçin täsin we geň hasaplanýandyr. Ösümlik köp suw talap edýär.

Oturdylan nahallaryň boýy bir ýylda 5 metre ýetýär.Agaja ideg işleri talabalaýyk geçirilse, ikinji ýylynda gülläp başlaýar we boýy 12 metr beýiklige çenli ösýär.Dördünji ýylynda ondan agaç hökmünde mebel senagatynda ulanyp başlasa bolýar.

Emma ýokary hilli mebelleri öndürmek ýedi ýyldan soňra kesilýär.Bu wagtda onuň diametri 70 santimetr, boýy 15-20 metre çenli bolup bilýär.Pawloniýanyň aýratyn taraplarynyň ýene biri onuň düzüminde tamin himiki elementi saklanýar.

Bu bolsa ony dürli mör-möjeklerden, zyýankeşlerden goraýar.Pawloniýany ösdürmekde geçirilmeli agrotehniki çäreler hökmany şert hasaplanmasa-da ösüş döwründe ideg işlerine talaby ýok däl.Agaç almak üçin ekilende pawloniýa nahallary azyndan 4×4 metr aralykda ekmek amatlydyr.

Bu agaç örän çalt ösýänligi üçin aralaryny gür ýerleşdirmek amatly bolmaýar.Tersine agaçlar şahalanyp başlanda bir-birine päsgel bermezligi üçin, şeýle aralykda ýerleşdirmek amatlydyr.Hatar aralaryny başga bir maksatlar üçin ulansa-da bolýar.

Agaç bir ýylda 4 metr bolandan soňra, mekgejöwen ýa-da soýa ýaly ekinleri ekip bolýar.Adatça bu agajy bir gektar ýere 625 düýpden ekmek maslahat berilýär.

Pawloniýanyň gowy ösüp boý almagy üçin suwy elýeterli bolan meýdany saýlamak has dogry bolýar. Suwy ýetmedik halatynda agaç guramaýar, ýöne gowy boý hem alyp bilmeýär. Nahallary damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly hemişe suw bilen üpjün edip durmak has ýerlikli hasaplanýar. Şeýle-de pawloniýa her bir janly organizm ýaly makro we mikroelemetleri bilen iýmitlendirilmegi talap edýär.

Ruhsara JUMAGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly mugallymlar Germaniýanyň ösen okuw enjamlaryny öwrendiler
20.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
20.03.2019 | Täze önümçilik we durmuş maksatly desgalar — Watanymyzyň abadançylygynyň nyşanlary
Ahal welaýatynyň ekologlary emeli tokaý baglaryny goramak boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar