Iň eýjejik gyzjagaz — 2022 bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Iň eýjejik gyzjagaz — 2022 bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Balkan welaýat döwlet drama teatrynda Iň eýjejik gyzjagaz — 2022 atly şadyýan bäsleşigiň geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurduň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar.

Balkan welaýat gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar şirin owazly aýdym-sazlarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan beýik işleriniň, bagtly çagalygyň waspyny ýetirdiler. Milli lybasly gyzjagazlar dakynan şaý-seplerini taryp etdiler, ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalardan miras galan el işlerini ýerine ýetirmekde başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Serdar şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Gülendam Merdanowa birinji, Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Nurjahan Täşliýewa ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňiji bolan eýjejik gyzjagazlara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi we boşatdy
Bäşim Nuralynyň uçgunlary Bagtyýar ýaşlar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň 28-sini wezipä belledi
Türkmen Lideri işewürlik pudagynyň wekillerini ýubileý medaly bilen sylaglady
Berdimuhamedow telekeçileriň birnäçesini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly ýubileý medal bilen sylaglady