Iň gowy myhmanhanalar saýlandy

“Travellers’ Choice 2022” halkara baýragynyň jemi boýunça dünýäniň iň gowy myhmanhanasy hökmünde Kosta-Rikadaky “Tulemar Bungalows & Villas” myhmanhanasy öňe saýlandy.Iň gowy myhmanhanalaryň doly sanawy “TripAdvisor” onlaýn-serwisiniň saýtynda ýerleşdirildi.

Bu şypahana Ýuwaş ummana uzaýan görnüşi bilen baýryň ýapgydyndaky jeňňelde ýerleşýär.Myhmanhananyň ýerleşýän ýerinden başga-da, syýahatçylary onuň hyzmat ediş derejesi, arassaçylygy we tebigy görnüşi özüne çekýär.

Ikinji orny Gramaduda (Braziliýa) ýerleşýän “Hotel Colline de France” myhmanhanasy eýeledi. Onuň myhmanlary binanyň italýan usulyýetini has gowy görüp, ony dünýäniň iň romantik myhmanhanalarynyň sanawynda birinji orunda goýdular. Myhmanlar onuň hyzmat edýän işgärlerini hem öwdüler.

Üçünji orny Gresiýadaky “Ikos Aria” myhmanhanasy eýeledi. Bäş ýyldyzly myhmanhana suwa düşülýän çägeli kenary, arassa deňzi we “ajaýyp ada görnüşi” bilen syýahatçylary haýrana goýýar. Bulardan başga-da, döwrebap äheňi bilen gadymdan gelýän myhmansöýerligiň utgaşmasy dynç alýanlary özüne bendi etdi.

Sanawda Maldiwleriň, Indoneziýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Ispaniýanyň, Tailandyň we Müsüriň hem birnäçe myhmanhanasy bar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gowy myhmanhanalary saýlandy
TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop Albaniýada Saparda Boldy
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi
"Türkmenistanda aýdym-saz senedi syýasatlaşdyrylýar"
Aşgabatlylar Grammy baýragynyň eýesi Joss Stounyň döredijiligi bilen tanyşdylar
“Azatlyk”: Türkmenistanda kollež studentlerine pul ibermek gadagan edildi